Ylma baglanan ykbal

20 Maý 2021
2721

Myrat Haitow 150-den gowrak ylmy işleriň, monografiýalaryň, kitapçalaryň, okuw gollanmalaryň, ylmy makalalaryň awtorydyr. Onuň işleri diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da dürli dillerde çap edildi. Şeýle hem, ol «Rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlüginiň» awtorlarynyň biridir.

Myrat Haitowyň ylma tarap ilkinji ädimleri Magtymguly (ozalky M.Gorkiý) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk fakultetiniň «Hukuk öwreniş» hünäriniň talyplygyndan başlanýar. Ol 1974-nji ýylda ady agzalan ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, şol uniwersitetiň hukuk fakultetiniň «Raýat hukugy we raýat iş ýöredişi» kafedrasynyň mugallymy bolup zähmet ýoluna gadam basýar. 1978 — 1981-nji ýyllarda Magtymguly (ozalky M.Gorkiý) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty bolýar we Özbegistanyň Daşkent döwlet uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, «Ýuridiki ylymlarynyň kandidaty» diýen ylmy derejäni alýar. Ýaş alym 1984-nji ýylda Bolgariýanyň Sofiýa uniwersitetinde konstitusiýa hukugy boýunça öwreniji-hünärmen bolup, hünär derejesini ýokarlandyrýar.

Amangeldi BAÝGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar