Asylly terbiýe — ýagty geljegiň nury

20 Maý 2021
2087

Çaga — ynsanyň geljegine umyt döredýän, her bir öýe nur paýlaýan dowamaty, arzuw-umytlarynyň gözbaşy, durmuşynyň bezegi. Ol milletiň we döwletiň buýsanjy, daýanjy hem-de geljegidir. Çagalara edep öwretmek, belli bir hünäre höwes, söýgi döretmek diňe bir ene-atanyň ýa-da mugallymyň däl-de, eýsem, ählihalk işidir. Her bir adamyň nesilleriň öňündäki parzydyr, borjudyr. Çagany terbiýelemekde onuň haýsydyr bir käre bolan ukybyny kesgitlemek terbiýeçilikde ilkinji wezipedir. Eger şony kesgitlemegi başarsaň, terbiýeçilik işi ep-esli ýeňilleşýär we kämilligiň mekdebine öwrülýär.

Edep her bir halkyň milli ruhuna mahsus bolup, asyrlaryň jümmüşinde dürli ýagdaýlarda dörän, birsyhly timarlanyp, halkyň paýhas eleginde saýhallanyp, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlykdyr. Ol ahlak-etiki düzgünleriň ölçegleriniň toplumydyr. Şeýle hem halkyň terbiýeçilik mekdebi bilen berk baglanyşyklydyr. Edep her bir halkyň milli terbiýeçilik mekdebiniň bir ýere jemlenmesidir, has dogrusy terbiýeçilik işiniň binýadydyr. Çaga ilki maşgalada soň çagalar bagynda, mekdepde terbiýelenip, edep, durmuş medeniýetini öwrenýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde edep terbiýäniň miwesidir. Çünki çagalar başlangyç alan terbiýelerini özleşdirip, edepli, gaýratly Watan perzentleri bolýarlar. Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen ýigitleri barada: «Halkymyzyň merdanalyk mekdebi — bu Watan söýgüsiniň heniz asla ýazylmadyk sowadyny öwredýär. Çünki ata-babalarymyzyň pähim-paýhasly terbiýe, edep-ekram hakyndaky nesihatlary, görüm-göreldeleri hakydalarymyzda ebedi ýaşaýar» diýip parasatly belleýär.

Hurma NEPESOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar