Toýlar toýa ulaşýar

19 Maý 2021
3046

Mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyny uludan belleýär. Hormatly Prezidentimiz bu baýramlary giňden dabaralandyrmak üçin uly tagallalary edýär, giň mümkinçilikleri döredip berýär. Aşgabadyň özboluşly, şöhratly taryhy bar. Zakaspiý ülkesi patyşa Russiýasyna birikdirilenden soňra, Aşgabat (Ashabad) onuň dolandyryş we ykdysady, medeni merkezine öwrülýär. Şäher ilatynyň ösmegi we Aşgabadyň sebitde möhüm söwda merkezine öwrülmegi bilen, bu çäklerde bolup geçýän wakalary şöhlelendirmek üçin şäherde rus dilinde neşir edilýän ilkinji metbugat serişdeleri peýda bolýar. Olaryň hatarynda «Закаспийское обозрение» gazetini mysal getirmek bolar. Gazetler hususy çaphanalarda harby häkimiýetiň gözegçiligi astynda neşir edilipdir. Olaryň sahypalarynda şäheriň syýasy, ykdysady we medeni merkeze öwrülmeginiň ösüş taryhyna degişli maglumatlara we habarlara, düýpli makalalara, taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. 1881-nji ýylda Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan dury gözli çeşmäniň başynda oturan Ashabad obasynyň 800 öýden ybarat oturymly ilaty bolupdyr. Ashabadyň ösmegi we onuň barha giňelmegi, ilatyň sanynyň artmagy 1885-nji ýyldan, ýagny bu ýere Zakaspiý demir ýolunyň çekilmegi bilen başlanýar. Şol wagta çenli şäher şeýle bir uly bolmandyr we ol, esasan, iki köçeden — Serkerdeler (Ofiserler) we Söwda köçelerinden ybarat bolupdyr.

Aşgabadyň ilaty 1884-nji ýylda dört müň adamdan ybarat bolan bolsa, ol 1892-nji ýylda 13 müň adama, 1897-nji ýylda bolsa 19426 adama ýetipdir. «Закаспийское обозрение» gazetiniň 1897-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykan 21-nji sanynda bellenilişi ýaly, 1896-njy ýylda şäherde 139 bina gurlupdyr, şol binalaryň aglaba bölegi Demir ýol, Kozelkow we Rus köçelerinde ýerleşipdir. Şeýlelikde, gazetde şäheriň demirgazyk-günbatar tarapa giňelýändigi bellenýär.

Ýagmyr MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar