Gözleriň röwşenini siňdirip...

13 Maý 2021
2041

Biz onuň maşgalasy bilen otuz iki ýyl duldegşir goňşy bolduk. Är — är ýerinde, aýal — aýal ýerinde, ogullar, gyzlar. Bir söz bilen aýtsaň, türkmeniň deňli-derejeli maşgalasy. Tamdyr çöreginiň ysy ýaýran, halal zähmetden döwletlilige ýeten öý.

Öý bikesi Towşan daýzanyň ýüzünde bäş barmagyň yzy galan golboýy tamdyr çöregi indi gojalyk salyna ýetip, heniz-henizem ýadymdan çykanok. Ol ýagşy günleriň mukaddes alamaty ýaly bir zatdy. Türkmeniň tüssesi belent çykýan tamdyry ulyny-kiçini bir ojaga birleşdirýän binýatdy!

Baýram JÜTDIÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Beýleki habarlar