Ene söýgüsi

11 Maý 2021
2022

Zähmet adamy taplaýar, şol bir wagtyň özünde-de wagtyňy bisarpa geçirmekden halas edýär. Durmuşda belent derejä, abraý-mertebä diňe tutanýerli we irginsiz zähmet bilen ýetilýändigine düşünýäris. Gündelik iş pursatyňda bolup geçýän wakalaryň aň äleminden çykman, uzak wagtlap oýlanyp gezmegiňe sebäp bolýan halatlary-da bolýar. Bu ýagdaý, esasan hem, eneler bilen bagly wakalarda köp gabat gelýär. Sebäbi enelere bolan hormatdyr sarpa her bir ynsanyň gursagynda ýaşaýar. Eneleriň ukusyz geçirýän gijelerinde, perzendiň daşynda perwaz urup atyrýan daňlarynda, ajaýyp arzuw-umytlardan doly hüwdülerinde perzendine bolan ummasyz uly söýgi bardyr.

Her bir adamyň ýüregindäki duýgy damarlarynyň tarlaryny owazlandyrýan ene sözüniň özi mähriban. Ene ýagşy umyt-arzuwlara gol berip, özi hakyndaky aladany unudyp, perzendini kemala getirýär. Hemişe öz çagalaryna ilhalar, halal bolmagy ündeýän ata-eneleriň sözüni tutmak perzentler üçin mukaddes borçdur. Ogul-gyzyna ak süýdüni, ak arzuwlaryny, gijäniň süýji ukularyny, zähmetini, yhlasyny hem ömrüni bagyşlaýan eneleriň hormaty uludyr. Halal zähmet çekmek bilen halal ýola bil baglamak her bir adamy arzyly menzillere ýetirýär. Goý, ajaýyp döwrümizde halal zähmet bilen abraý gazanmak her birimize miýesser etsin, halkymyzy baky bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Güljan ŞAMYRADOWA,
Bäherden etrabyndaky 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar