Düýäm — dünýäm

10 Maý 2021
3766

Halkymyzda düýe iň peýdaly jandarlaryň biri hasaplanylýar. Irki döwürlerde rozugärini, durmuşuny düýesi bilen dolandyran pederlerimiziň paýhasyna eýerilip, häzirki günlerimizde hem ildeşlerimiz düýesini dünýesine deňeýärler. Hut şonuň üçinem bize parasatly pederlerimizden miras galan «Düýä haýt diýmek medet», «Düýäni yzyndan tanarlar, adamy — lakamyndan», «Düýe düz diýip geçer, ýigit — gyz diýip», «Düýe gyrda bolsa-da, gözi şorda bolar» diýen nakyllar bu janawaryň bihal däldigini aňladýar.

Esasan-da ajaýyp dermanlyk häsiýetine eýe bolan ýandak bilen iýmitlenýän düýe malynyň süýdüniň täsin bejeriji we iýmitlendiriji häsiýete eýe bolmagy tebigydyr. Düýe süýdüniň tebigy ýagdaýda turşamagynyň netijesinde alynýan düýe çaly C we D ýokumlaryna baý bolup, onda ýokumly maddalar sygyr süýdündäkiden üç esse köpdür. Şuňa görä köplenç, keselleriň öňüni alyş, bejergi alýanlaryň iýmitiniň sanawyna bejeriş häsiýetli düýe çalynyň goşulmagy ýöne ýerden däl.

Rejep JORAÝEW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar