«Tomsa» isleg ýokary

9 Maý 2021
3058

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge, içerki bazarlary çörekdir çörek önümleri, unaş we unaş önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Telekeçi Osman Muhammetnyýazowyň bu ugurda alyp barýan işleri aýratyn guwandyryjydyr.

Gürrüňi edilýän telekeçiniň «Tomus» haryt nyşanly çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhanasy indi ýigrimi ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýär. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhanada telekeçi ýyl geçdigiçe tejribe toplaýar we ýokary hilli çörek we çörek önümlerini öndürmegiň inçe syrlaryny ele alýar. Bu bolsa «Tomus» haryt nyşanly azyk önümleriniň içerki bazarlardaky ornunyň barha giňemegine, hyrydarynyň artmagyna şert döredýär.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar.
Beýleki habarlar