Ikinji ömür

7 Maý 2021
2953

Obamyzda Nurmät mirap diýen, urşa gatnaşan, ýaşy bir asyry alkymlap oturan bir ýaşuly bardy. Käwagtlar onuň ýanyna baryp, şol gowgaly ýyllar baradaky gürrüňlerini diňlärdim. Şol gezegem şeýle boldy. Men hem-ä Nurmät aga bilen salamlaşaýyn, hal-ahwalyny soraýyn, hemem gümür-ýamyr edişeýin diýip, onuňka sowuldym. Barsam Nurmät aga sekide goşa ýassygy tirsekläp, gök çaý içýän eken. Meni görüp ýaşulynyň ýüzi ýagtyldy. Nurmät aga meniň salamymy alyp, saglyk-amanlyk soraşdy. Menem:

— Gurgunçylyk, Nurmät aga! Özüňiz neneň, saglygyňyz gowumy? — diýip soradym.

Dörtbaý GARAHANOW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar