Agyz bir bolsa, köňül jem bolar

5 Maý 2021
2839

Agşamlyk edinmäge ýygnanan maşgalanyň bir saçagyň daşyna jem bolmagy buýsandyrýar. Saçakdaky naz-nygmatlara «bissimilla» diýip, ilkinji bolup el uzatmak türkmen däbine görä öýüň ýaşulusyndan başlanýar. Nahar başynda kän gürlenmeýär. Iýip bolanyňdan soň, eliňi ýuwup, täzeden saçak başyna geçip, çaý içişlikde gürrüň başlanýar, durmuşda, okuwda, işde bolup geçen gündelik täzelikler bilen tanşylýar. Agtykdyr çowluk ata-enesiniň gujagyna dolup, täsin gürrüňleri berýär. Ulular bolsa döwletli işleriň maslahatyny edýär. Daş-töwereginde bolup geçýän hereketlere ata-enäniň guwanjynyň çägi ýok. Maşgalada bagtyýarlyk, agzybirlik höküm sürýär. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen maşgalasynyň binýadynyň berkliginden nyşan.

Türkmen maşgalasy her bir döwürde-de özüniň agzybirligi, sabyrlylygy, wepalylygy, zähmetsöýerligi bilen tapawutlanypdyr. Sebäbi, çaga dünýä inenden, onuň gulagyna ene hüwdüsi bilen bilelikde ynsanperwerlige ýugrulan häsiýetler baradaky düşünjeleri guýupdyrlar. Ata-babalarymyz maşgalada «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen nakyla hem-de milli ýol-ýörelgelere eýermek bilen edepli perzentleri kemala getiripdirler. Birek-birek bilen salamlaşmagyň, görüşmegiň, hal-ahwal soraşmagyň her bir ynsan üçin edebiň başydygyny, onuň sogapdygyny ündäpdirler. Daş-töweregiňe mähirli, mylaýym garamak, sada bolmak, iliňi-günüňi söýmek, bir iş tutulsa eliňden gelen kömegi bermek, ýagşylyk etmek, Watanyňy, topragyňy edil ata-eneň deý mukaddes saýmak, dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň, goňşularyň bilen agzybirlikde gatnaşmak, sabyr-kanagatly bolmak perzende ata-enäniň göreldesinden geçýän ýagşy gylyk-häsiýet bolup, nesilleriň aňyna ornaýar. Şeýle gylyklaryň höküm sürýän ýerinde hemişe agzybirlik bolup, köňüller hem jem bolýar. Şu ýerde pederlerimiziň «Sabyr — müşgil işleriň açary, ýeňşiň esasy bölegidir», «Ýagşy gylyk — ýagşa ýarandyr», «Iň haýyrly miras edepdir» diýen pähimlerini ýatlamak artykmaçlyk etmese gerek. Zandyna, aslyna wepaly halkymyzyň perzentleri pähimlere eýlenen ýörelgeleri gyşarnyksyz berjaý edipdirler. Ata-enäniň görüm-göreldesi olar üçin terbiýe mekdebi bolupdyr, sebäbi ol mekdep ahlak düşünjelerinden we mukaddesliklerden gözbaş alýar. Atadan ogla, eneden gyza geçýän şol pähim-paýhaslara eýerýänleriň özünden önen perzentleri hem asylly ýörelgeleri dowam etdirýärler. Bu bolsa maşgala ojagynyň abraýly, belent ruhly bolmagyna getirýär. Maşgaladaky agzybirlik nesiller üçin dowamat bolmak bilen, ol şol ojaga gelin bolup düşen zenanlar üçin hem ýörelge bolýar.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar