Gahrymançylyk unudylmaýar

5 Maý 2021
2930

Ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlara hem-de tylda edermenlikli zähmet çeken adamlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen yzygiderli gyzyklanyp, weteranlar üçin uly ýeňillikleriň döredilmegini üpjün edýär. Paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň döredilmegi we onda dürli çäreleriň geçirilmegi uruşda wepat bolanlaryň hatyrasynyň belentden tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Her ýylyň 9-njy maýynda bellenilýän Beýik Ýeňiş gününde bolsa weteranlarymyza aýratyn sarpa goýulýar.

Adamzadyň durmuşynda pajygaly wakalaryň biri bolan Beýik Watançylyk urşy dünýäniň köp halklaryny uly ýitgä sezewar etdi. Bütindünýä ähmiýetli bu taryhy Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň hem öz mynasyp goşandy bar. Uruş ýyllarynda erkek adamlaryň ählisiniň diýen ýaly fronta gitmegi netijesinde erkekleriň tyldaky agyr işleriniň hemmesi gelin-gyzlaryň gerdenine düşýär. Türkmen gelin-gyzlary hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklarynda Beýik Ýeňiş, Watan üçin gije-gündiz diýmän zähmet çekýär.

Ogulnabat MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar