Zergäriň ylham çeşmesi

4 Maý 2021
2500

Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň, alabaý itleriniň we beýleki gymmatlyklarymyzyň gözelligi sungat adamlarynyň ylham çeşmesi bolup, olar hakynda döredilýän eserler biri-birinden ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi zergär Röwşen Rejepowyň sünnäli işleri hem baý many-mazmuna ýugrulandyr.

Ýaşlykdan sungatyň yşkyna düşen Röwşen orta mekdepde okan döwründe-de hemişe gözellikleriň gözlegindedi. Aýratyn-da, owadan metaldyr daşlara «dil bitirip», ýüregindäkini beýan etmek arzuwy bardy. Ýaş zehin geljekki eserlerini ilki-ilkiler hyýalynda döredip, soňra çyzgylara geçirdi, dizaýnerçilige girişdi, zergärçilikde tejribe toplap başlady.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar