Eziz Watanymyzyň ylym-bilim merkezi

2 Maý 2021
2481

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň 25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary bilen bir günde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki Aşgabadyň ähli ösüşleri Diýarymyzyň ylym-bilim babatda ýeten derejesi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde ak mermerli binalaryň iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmeginiň onuň şan-şöhratyny jahana ýaýradandygyny ýatlap geçmek ýakymlydyr.

Aşgabat — Aziýanyň merjen şäheri, ýurdumyzyň ylym-bilim merkezi. Ykbaly göterilýän, jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý, ylmy-innowasion tehnologiýalar babatda halkara derejesinde maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Aşgabat tutuş ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleriniň ýüzi, aýnasy hökmünde sebitiň iň gözel şäherleriniň biridir. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi dünýä arhitekturasynyň ajaýyp sungatynda we milli tejribede düýpgöter özgerdildi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynda onuň daşky keşbiniň gymmatlyklary içki many-mazmun bilen sazlaşykly goşulyşýar. Munuň şeýle bolmagynyň düýp sebäbini şäheriň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has oňatlaşandygy bilen düşündirip bileris.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar