Doganlaşan şäherli

30 Aprel 2021
2964

Ak mermere beslenen Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýän şu günlerde gözel paýtagtymyzyň Bütindünýä doganlaşan şäherler federasiýasynyň maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň ençeme şäherleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň ösdürilýändigi baradaky amal edilýän beýik işler hakydaňa dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1957-nji ýylda raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary has hem ýygjamlaşdyrmak, halklaryň dostlugyny berkitmek üçin Bütindünýä doganlyk şäherler federasiýasy döredildi. Onuň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň doganlaşan 3500 şäheri özara hyzmatdaşlyk saklaýar. Federasiýa şäher derejesinde global hyzmatdaşlygy, medeni gatnaşyklary ösdürmek we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda tagalla edýär.

Doganlyk şäherler iki aýra döwletde ýerleşýär. Emma, olaryň medeniýet, sport, taryh we beýleki dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary, durmuşa geçirýän ýörelgeleri birdir. Halkara doganlyk şäherler guramasynyň maksady hem dünýädäki şäherleriň bilelikdäki ösüşleri netijesinde siwilizasiýanyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Beýleki habarlar