Täze tehnologiýalar — ýokary netijelere badalga

30 Aprel 2021
2896

Türkmen telekeçileri ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri barha köp mukdarda öndürýärler. Ine, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän süýji tagamly pomidorlar daşarky bazarlara hem eksport edilýär.

Bu bereketli toprakda telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän eksport ugurly önümçilikler bilen gyzyklanyp, etrabyň Talhanbazar geňeşligine tarap ýola düşdük. Türkmenabat — Kerki awtomobil ýoly bilen ýöräp, sag egniňe öwrüleniňde, giň meýdany eýeleýän ýyladyşhanalar toplumlaryna gözüň düşýär. Olaryň arasynda “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumy hem bar. Bu ýyladyşhana alty bölekden ybarat bolup, 8,5 gektar meýdanda ýerleşýär. Biz baranymyzda — günortan uçurlary ýyladyşhananyň içinde sanalgy işçi bardy. Saklaýjylaryň kömegi bilen ýörite niýetlenen ýüpler arkaly ýokarylygyna galdyrylan pomidor nahallarynda gyzaryp duran hasyla gözümiz düşmänsoň, öz ýanymdan: “Biwagt geläýdik öýdýän, diňe maglumat alyp oňmaly bolaýjak ýaly” diýdim. Ýyladyşhana müdiri Mahmud Myradow meniň içki pikirimi okan ýaly:

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar