Ajap ýurdum bagy-bossan

30 Aprel 2021
2008

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny, onuň biodürlüligini goramakdan hem-de ony gözelleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ýylyň islendik paslynda adamlary özüne maýyl edýän bu keramatly, bereketli topragy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda, ýazyjylar eserlerinde çeper beýan edipdirler. Sebäbi ynsan bilen tebigat bir-birine berk bagly bolup, özara sazlaşygy kemala getirip, biziň hem tebigatyň bir parçasydygymyzy aňladýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda tebigaty goramak, şol sanda «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen  peder pendine uýup, bereket çeşmesi hasaplanýan suwy we beýleki serişdeleri rejeli peýdalanmak, aýawly saklamak hem-de dikeltmek babatda döwlet derejesinde, halkara derejesinde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işlerde döwletimizde ekologiýa abadançylygynyň esasy ugurlaryň biridigini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasyndaky: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýen kadadan ugur alynýar. 

Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.
Beýleki habarlar