Milli terbiýäniň ähmiýeti

29 Aprel 2021
2194

Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelip, wagtyň geçmegi bilen has kämilleşip, jemgyýetimiziň özboluşly kadasyna öwrülen ýörelgelerine aýratyn hormat goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda zähmetsöýerligi, myhmansöýerligi, dostlukly gatnaşyklary, ynsaplylygy, agzybirligi, paýhas pentlerini şol ýörelgeleriň esasylary hökmünde öňe çykarýar.

Bu ýörelgeleriň her biri aýratyn bir bölüm hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, öz halkyny, ata Watanyny, ene topragyny, däbini-dessuryny, durmuş ýörelgelerini, pederlerimizden miras galan öwüt-nesihatlardyr pentlere uýýan, olara hormat goýýan her bir adamda buýsanç duýgusyny döredýär.

Täzegül NURMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar