Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň jebisligi

27 Aprel 2021
2410

Öwrenmek islegi zandyna guýlan adam orta mekdepden soň ýokary okuw mekdebinde we ýene-ýeneki mekdeplerde bilimden, sowatdan paýyny alýar. Ýöne başga bir mekdep bar. Onda doglan günüňden başlap, ömür boýy okar, öwrener ýörersiň. Munda öwrenenleriň gymmatyny başga zat bilen deňär ýaly däldir. Oňa «maşgala mekdebi» diýilýär.

Göwni mydama alysdadyr adamyň. Ýöne, niçikmi, uçar göge galyp, müňlerçe kilometr uzaklykdaky syýahatyňa badalga berer welin, çep gursagyňda söz bilen düşündirip bolmajak, täsin küýseg dörär. Oňa «maşgala küýsegi» diýilýär.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar