Mähir beren mähribanlarym

25 Aprel 2021
2529

«Aýal doganymyň agtygy bolupdyr» diýen hoş habar giň öýümiň içinde ýaňlanyp gitdi. Dünýäni ýagtylandyrýan, ynsanyň göwnüni, öýüni, ömrüni, içki dünýäsini joşdurýan balajyk dünýä inipdir. Bu pursat kakamyň aýal doganlary, meniň «Aýal doganym» diýip ýüzlenýän ejekelerimiň keşbi göz öňümde janlanýardy. Indi görüp otursam, doganlarymyň her bir öwüdi göýä ýüregime mähir nuruny paýlap duran ýalydy. Her bir aýdan sözleri, beren maslahatlary gulagymda ýaňlanyp durdy. Bu zatlara ýyl geçdigisaýy, her biriň bir döwletli maşgalaň ejesi, enesi bolanyňdan soň-a, has aýdyň göz ýetirýärsiň. Gulpajygymyzy tasadyp ýören günlerimizden alan terbiýämiziň durmuşyň manysyna öwrülýändigine şaýat bolanyňdan soň ol zatlaryň gadyr-gymmatyna has içgin düşünýärsiň.

Alty ýigidiň arasynda bir özüm bolsamam, aýal doganymyň ýokdugyny duýmadym. Çünki maňa kakam janyň dört aýal dogany ganat bolupdy. Bu gün aramyza alys ýollar düşenem bolsa, olar bilen aramyzdaky göze görünmeýän baglanyşyk meni özüne tarap dartyp dur. Men käbäm ejeme aýdyp bilmeýän syrlarymy aýal doganlaryma aýdýaryn. Olar bilen aladamyzam-ünjimizem, şatlygymyzam bir. Hatda başdan geçirmelerimizem, durmuşy wakalarymyzam bir-birimiziňkä meňzeşräk ýaly. Meniň çagalarym heniz ýaş. Olar hakyndaky pikirleriňizi, öwüt-ündewleriňizi diňläp, özara maslahatlaşyp, «Geňeşli don gysga bolmaz» diýlenini edýäris. Şol geňeşden soň işlerimiz ýeňilleşip, ugrugyp gidiberýän mysaly.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar