Ekologiýa arassalygy — jemgyýetiň sagdynlygy

21 Aprel 2021
2143

Bu günki gün ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, aýawly saklamak, ekologiýa diplomatiýasyny dabaralandyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Adam saglygyna täsir edýän arassaçylyk biziň jemgyýetimizde has-da möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tagallasy netijesinde bu möhüm ähmiýetli mesele boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýän arçalar we beýleki agaç nahallary howanyň tämizligine öz täsirini ýetirýär.

Daşky gurşawyň arassaçylygy bilen bagly ýerine ýetirilýän işlerde türkmen ýaşlarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we onuň agzalary bu işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar işden boş wagtlary paýtagtymyzda we onuň çäklerinde agaç nahallaryny oturtmak boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Suwaryş, ekiş işlerinde ýaşlarymyzyň ruhubelentlik bilen zähmet çekmekleri ýurdumyzyň ekologiýa arassaçylygyna, daşky gurşawyň abadançylygyna uly ýardam edýär.

Mähriban ŞYHMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar