Işewürleriň işleri ileri...

14 Aprel 2021
2280

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir raýat, her bir adam «Döwletiň berkemegi we gülläp ösmegi üçin men näme edip bilerin?» diýen sowaly öz-özüne bermelidir» diýen parasatly jümlesi bütin adamzat nesli üçin asuda we abadan ýaşaýşyň, ösüşleriň aýdyň ýoluny nazarlamagyň çelgisi bolmak bilen, agzybir watandaşlarymyzy öz zähmet çekýän pudaklarynda il-halkyň bähbidini arap, höwesli zähmet çekmeklerine iterýär. Munuň aýdyň mysalyny Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döredýän telekeçilerimiziň öndürýän önümleriniň ýokary hilli we ilat üçin elýeterliligi bilen delillendirmek mümkindir.

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen hojalyk jemgyýetleriniň islendik hünärmeni bilen söhbetdeş bolanyňda-da, olar hojalyk jemgyýetlerindäki işleriň gün-günden ilerleýändigini tekrarlaýar. Bu günki gün işleri ileri işewürleriň öndürýän önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna yzygiderli ugradylyp başlanylmagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki işewürleriň gazanýan üstünlikleri güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilige döredýän giň mümkinçiliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Oguljennet JUMABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar