Ýaş alymlar — ýurduň nurana geljegi

7 Aprel 2021
2432

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda tapgyrlaýyn alnyp baryljak wideomaslahatlaryň açylyşy boldy. Maslahat «Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny» diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanda ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribelerini ornaşdyrmak, düýpli ylmy esaslara daýanýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek wideomaslahatyň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä, «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» diýen tema boýunça ilkinji maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Onda inžener, tehnolog hem-de ylmy işgärleriň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryna çekmek, jemgyýetiň ylym-bilim kuwwatyny ösdürmek meseleleri hakynda durlup geçildi.

Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar