Gaýynekeji

4 Aprel 2021
2250

Gaýynekeji sözi zenan dünýäsinde ähmiýetli düşünje bolup ornaşandyr. Gelin we gaýynekeji gatnaşyklary barada pikir alyşmak, öz garaýyşlaryňy paýlaşmak üçin söhbet edere zat kän. Gaýynekeji sözündäki «eke» sözi käbir şiwelerde uly aýal dogan manysyny berýär. Diýmek, gaýynekeji bilen gelniň arasyndaky gatnaşyk uýalarça ysnyşykly, jebisleşikli bolmaly. Ýanýoldaşyň uýasy bolan gaýynekejiň bagtyňa şärik ynsandyr.

Her bir maşgalada gelniň bagtdan paýlylygy gaýynenäniň hem-de gaýynekejiniň onuň bilen göwündeş, pikirdeşliginden alamat. Maşgala agzybirligi onuň agzalarynyň hemmesiniň gatnaşygynyň ylalaşykly bolmagyny talap edýär. Gaýynene, gaýynekeji, baldyz, gaýynaga, ýüwürji we beýleki maşgala ýakyn adamlar gelniň hossarlyk gurşawy. Hususan hem, durmuşda gelin-gaýynene, gelin-gaýynekeji, gelin-baldyz gatnaşyklarynda dürli ýagdaýlar ýüze çykyp durýar. Şol ýagdaýlardan parasatly baş alyp çykmakda gaýynekejiniň üstüne düşýän jogapkärçilik kiçi-girim däldir. Ol maşgalanyň içki meselelerinde, aýratyn hem, onuň zenan agzalarynyň arasynda sözi diňlenýän adam. Gelen gelni ýat saýman, edil özüňkiň biri ýaly saýmak, gaýynenä-de, gaýynekejä-de juda lazymdyr. Käbir maşgalalarda gaýynekejiler bilen gelinleriň arasyndaky hoşgylawlylygy, mähirli gatnaşyklary göreniňde, olara öz ýanyňdan buýsanýarsyň, durmuşda şeýle bagtyýar maşgalalaryň köp bolmagyny isleýärsiň.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar