«Ak çeşmäniň» abraýy artýar

4 Aprel 2021
2245

Ýurdumyzda öz ýokary hilli azyk önümleri bilen adygan, alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmakda nusga alarlyk zähmet çekýän hususy kärhanalar Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Baýramaly etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ak çeşme» haryt nyşanly süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanadyr. Indi ençeme ýyllardan bäri bu ýerde bäsleşige ukyply azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürip gelýän işewürler häzir gatyk, gaýmak, aýran, dorog, mesge ýaly ýokumly önümleriň 22 görnüşini öndürip, halka hödürleýärler. Bu ýerde taýýarlanýan ýokary hilli we tagamly süýt önümleri dürli ölçegdäki gözegelüwli gaplara gaplanyp, alyjylara ugradylýar. Döwlet derejesinde geçirilýän sergilerde-de mynasyp orny eýeleýän şeýle önümler bolsa, alyjylar tarapyndan uly höwes bilen satyn alynýar.

Hususy kärhananyň işçileridir hünärmenleri alyjylaryň isleglerini öwrenmäge-de uly üns berýärler. Netijede, süýt önümlerini taýýarlamak üçin gerek bolan süýdi oba ilatyndan, maldarlardan, «Ak hünji» hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumlaryndan alýar.

Maral ORAZOWA,
TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň jogapkär işgäri.
Beýleki habarlar