Maşgala edebi – asylly terbiýe

4 Aprel 2021
2071

Türkmen halky gadymy döwürlerden özüniň päk göwünliligi, maşgala wepalylygy, mertligi, şahandazlygy, parahatçylyk söýüjiligi bilen her bir işde rowaçlyk gazanyp, ençeme ruhy we maddy gymmatlyklary dünýä ýaýan beýik halk hökmünde tanalýar. Halkymyz gadymdan gelýän maşgala terbiýesindäki asylly däp-dessurlaryny döwrebap röwüşde sazlaşykly ösdürmek bilen, maşgalanyň doly kämil bolmagynyň esasy ýol-ýörelgesi hökmünde saýlap alýar. Bu babatda ruhy-ahlak gymmatlyklar maşgala terbiýesinde esasy orny eýeleýär. Türkmen maşgalasynda çagany ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmek terbiýäniň özeninde durýar. Ahlak gymmatlyklaryň kämilligi, maşgalanyň durnuklylygy, berkligi, ilkinji nobatda, zähmet terbiýesine aýratyn üns berilýänligindedir. Her bir ene özüniň hüwdüsi, owaza öwrülen ajaýyp heňi bilen çaga dünýä inenden onuň kalbyna guýýar. Bu babatda aýratyn bellemeli zat perzendiň geljekde kämil hünäriň eýesi bolmagy, şol hünär bilen bolsa Watany gülletmek işine goşant goşmagydyr. Halkymyzyň müňlerçe ýyllaryň tejribesinde ýaş nesli terbiýelemegiň serişdesi hökmünde zähmeti esas hasaplandyklary hemmämize mälimdir. Şonuň üçin ene öz çagasyny hüwdülände, şeýle setirleri beýan edýär:

Meniň gyzym Aý ýaly,
Aýa, Güne taý ýaly
Çeper elli hünärde,
Aýda dokar bir haly —

Gülşirin OTUZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar