Myhman almaklygyň edebi

2 Aprel 2021
2446

Halkymyz durmuşynda myhman kabul etmeklige ýokary ähmiýet berlip, ony parz hasaplapdyr. Şonuň üçin gapydan gelen adamy taňry myhmany hökmünde garşy almaklyk türkmençilikde däbe öwrülipdir.

Myhman isle, çagyrylyp gelsin, isle-de, çagyrylman, ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp, garşylamak gerek. Myhmany garşylan öý eýesi: «Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz!» diýer. Gelen kişi bu ýagşy dileglere: «Hoş gördük!» diýip jogap gaýtarar.

Rahmanberdi ANNADURDYÝEW,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar