Kitap — egsilmez hazyna

31 Mart 2021
2627

Il arasynda: «Dünýäniň gapylary kitabyň üsti bilen açylýar» diýen ýörgünli aýtgy bar. Köp okamak, öz-özüňi kämilleşdirmek saňa dünýä gapylaryny giňden açmaga kömek edýär.

Her gezek kitap barada söz açylanda, ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy biygtyýar ýadyma düşýär. Onsoň serimde kitaby waraklap başlaýaryn. Eseriň wakalary ýuwaş-ýuwaşdan göz öňümde janlanýar. «Welmyrat aga gum içinde bir obada Magtymgulynyň goşgularyny agyr märekäniň uly höwes bilen diňläp, ondan lezzet alyp oturan pursadyna gabat gelýär. Ony özi-de diňläp, şahyryň öwüt-nesihatlaryna syny oturýar. Şol kitaby edinmegiň küýüne düşýär. Ahyrda-da ol maksadyna ýetýär. Bütin maşgalasynyň eklenç üçin gözüni dikip oturan guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalyşýar». Kitapda beýan edilýän bu waka — durmuşyň bir pursady, kitabyň gymmatlydygynyň subutnamasy.

Gülnabat ANNATAGANOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar