Ekologiýa howpsuzlygy ugrunda

29 Mart 2021
2207

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurdaky işleriň milli kanunçylyk taýdan yzygiderli kämilleşdirilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Şu ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda-da geljek üçin ähmiýetli boljak kanunlaryň ýene-de biri, ýagny «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek barada durup geçdi. Çünki energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler bar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň energetika ulgamynyň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagyna, gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleriň giňden peýdalanylmagyna ýardam edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmekde häzirki wagtda giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. Türkmenistan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekligi-de işjeň alyp barýar.

Göwher AMANOWA,
welaýat kitaphanasynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar