Çülçiniň gözlegi

29 Mart 2021
2556

«Görüp — gaçdy» türkmen milli oýunlarynyň biri bolup, çagalar ony höwes bilen oýnaýar. Bu oýny kiçi, ýagny 5 — 10 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlar dynç alyş meýdançalarynda bukular ýaly amatly ýerlerde agşamara oýnaýarlar. Oýunçylar meýdançanyň bir gyrasynda ýa-da ortasynda ýörite ýer (pellehana) belleýärler. Şondan soňra olar öz aralarynda bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, bir oýunçyny çülçi saýlaýarlar. Galanlary bolsa döwçi bolýarlar. Çülçi pellehanada gözüni ýumup durýar. Döwçüler çar tarapa ýaýrap bukulýarlar. Olar buky ýerlerde gizlenenlerinden soň, çar tarapdan «guk» diýip gygyryp, çülçä gözlege çykmaga habar berýärler. Çülçiniň esasy wezipesi bukulan oýunçylaryň hemmesini gözläp tapmak we olary oýundan çykarmak bolýar. Şonuň üçin ol ilki ýakyn töwerekdäki oýunçylaryň ýanyna ýuwaşlyk bilen ýakynlaşyp, bukulanlaryň birini tanap, adyny tutup, pellehana tarap ylgaýar. Eger tapylan oýunçynyň ady dogry tutulsa, onda ol derrew gizlenen ýerinden çykyp, çülçini kowalap başlaýar. Şu ýagdaýda çülçi tutdurman pellehana gelse, onda ady tutulan döwçi oýundan çykarylyp, çülede oturdylýar. Ýöne çülçi döwçiniň adyny nädogry tutaýsa, onda ol, bilmediň men däl diýip, ýerinden turmaly. Şeýle ýagdaýda çülçi oýny täzeden başlamaly bolýar. Kähalatlarda ol gözlege çykan wagtynda bukulyp ýatan döwçüleriň biri amatly pursatdan peýdalanyp, çülçä görünmän, ýerinden turup, pellehana tarap ylgap gelse, onda tanalyp, oýundan çykarylanlar hem oýna girýärler we şeýlelikde, oýun täzeden başlanýar. Çülçi döwçüleriň biriniň adyny tutup, tananyndan soň, onuň mekirlik edip, ýerini üýtgetmäge hukugy ýokdur.

«Görüp — gaçdy» çagalaryň çeýelik ukybyny artdyrmaga uly mümkinçilik berýär. häzirki wagtda bu oýny çagalar «Bukuldym» diýip hem atlandyrýarlar. Oýun çagalaryň durmuşynda giňden meşhurdyr.

Beýleki habarlar