Asylly işe goşant

28 Mart 2021
1979

Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, obadyr şäherlerimiziň abadançylygyny we gözelligini gazanmak ugrundaky tagallalaryna Babadaýhan etrabynyň zähmetkeşleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine geçen şenbe güni etrabyň çäginde bag nahallaryny oturtmak we bar bolan baglara ideg etmek boýunça geçirilen işler-de aýdyňlygy bilen görkezdi. Köpçülikleýin häsiýete eýe bolan asylly dabara edara-kärhanalaryň, guramalaryň, şol sanda jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri höwes bilen gatnaşdylar.

Şol gün zähmet toparlary özlerine berkidilen ýerlerde, ýollaryň ugrunda, edara-kärhanalaryň binalarynyň daş-töwereklerinde dürli görnüşli ýaş nahallary oturtdylar, ozaldan bar bolan baglaryň düýbüni ýumşatdylar we agartdylar, idegini birkemsiz ýerine ýetirdiler. Ýerli ýaşaýjylar bolsa öz howlularynyň töwereginde ýaş nahallary oturtmak bilen, asylly işe goşant goşdular.

Arzygül NEPESOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar