Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

26 Mart 2021
2502

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oba hojalygy hem öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu pudakda häzir hususy ulgam özüni has işjeň görkezýär. Telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Öňňin milli Liderimiz Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar