Nahal ekiň, galsyn ýadygär

17 Mart 2021
1902

Obada atamdyr enemiň öýüniň öňünde ullakan bag bar. Ony kimiň oturdyp, ösdürendigi bilen hiç wagt  gyzyklanmandym. Birki ýyllykda saý-sebäp bilen oba gitmeli boldum. Awtoulagdan düşen badyma ilki şol agaç gözüme ildi. Güýz paslynyň adaja öwüsýän şemalyna yranýan şahalary edil meni ýanyna çagyrýan ýalydy. Öýe girmän, agajyň golaýyna bardym, şahalaryny sypaladym. Hyýalymda bolsa çagalyk ýyllaryma dolandym: miwe bermese-de, sergin saýasynda enemiň gülli keçesiniň üstünde heziller edip çaý içipdik, ýogyn şahalaryndan hiňňildik ýasap uçupdyk...  Alysda galan şadyýan çagalyk ýyllarym göz öňümde janlandy. Läle ejekemiň ýanyma gelenini duýmandyryn.

— Bu agajy dädeň iş ýerinden getirip, ýaşajyk nahalka oturdypdy. Ondan bäri, gör, näçe ýyl geçipdir — diýdi. Men indi agaçdaky nähili güýjüň özüne çekendigine düşündim. Dädemli günler ýadyma düşdi. ªol pursat şahyr Gara Seýitliýewiň ählimiziň dilimizde aýdyma öwrülen:

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar