Sergä gatnaşyjylara söz berýäris

17 Mart 2021
2114

Hojaguly MUHAMMETNUROW,
«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni:

— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredildi. Häzirki wagtda bu jemgyýetçilik guramasynyň 26 müňe golaý agzasy bolup, olar ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup, biz hem baýramlary mynasyp garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekýäris. «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýip belleýän milli Liderimiziň goldamagy bilen ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň işi ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Munuň aýdyň netijelerini şu günki gün ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän serginiň mysalynda hem görmek bolýar. Biziň «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetimizde plastmassadan hojalyk harytlarynyň köpsanly görnüşi öndürilýär. Olar özleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, ýurdumyzda giňden tanalýar.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar