Sagdyn ene — sagdyn nesil

16 Mart 2021
2322

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Ene saglygy — nesil saglygy» diýen ýörelge maşgala saglygynyň binýadynyň berk bolmagyna gönükdirilendir. Öz perzentleriniň ilhalar, bilimli, halal adamlar bolup ýetişmekleri bolsa, eneleriň baş arzuwydyr.

Döwletimiz tarapyndan maşgala we eneligi goramak meselelerine aýratyn üns berilýär, nesil saglygyny üpjün etmek, maşgalada köp çagalygy goldamak, halkyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda ähli şertler döredilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde “Ene mähri” we anyklaýyş hem-de keselleriň öňüni alyş merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we lukmançylyga degişli beýleki desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.

Mekan MUHYÝEW,
Ahal welaýat ýöriteleşdirilen Inçekesel hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar