Çagaly öý — döwletli öý

9 Mart 2021
2007

8-nji mart — Halkara zenanlar güni biziň köp çagaly enelerimiz üçin goşa baýram, goşa toý bolup geldi. Sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelerimize hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady berildi. Olaryň ençemesine täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny almak bagty hem miýesser etdi.

Mary welaýatynda hem sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren mähriban eneleriň ikisine welaýatyň Oguz han etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinden içinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary berildi. Jaý toýlary mynasybetli, bu ýerde baýramçylyk dabaralary geçirildi. Dabara gatnaşanlar täze jaýa eýe bolan köp çagaly maşgalalary tüýs ýürekden gutlap, iň süýji arzuwlaryny hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýazga geçiren Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar