Dünýäniň bar görki enedir, ene!

8 Mart 2021
1857

Asylly däbe görä, her ýylyň 8-nji marty — Halkara zenanlar güni mynasybetli, olara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelere bolsa hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem enelere goýulýan aýratyn sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da ýüzlerçe eneler bu abraý-mertebeli hem hormatly adyň eýeleri boldular. Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda olara bu hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Olarda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler milli Liderimiziň adyna ýürek töründen çykýan alkyşlaryny buýsanç bilen beýan etdiler.

Güljahan HEZRETGULYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan, öý hojalykçy:

(Öz habarçylarymyz).
Surata düşürenler Aýdo ŞEKEROW, Andreý PAKULOW, Ilaman ÖWEZOW, Merdan ORAZOW, Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar