Bagtyýar maşgalalaryň jaý toýlary

8 Mart 2021
1806

Hormatly Prezidentimiz 5-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekip, käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de welaýatlarda hormatly ada mynasyp bolan enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy welaýat häkimlerine tabşyrdy. Şonuň bilen baglanyşykly, bagtyýar maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak mynasybetli welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslenen dabaralar geçirildi.

DÜÝN Änew şäheriniň ajaýyp künjeginde täze döredilen ýaşaýyş jaý toplumynda — 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabara bagtyýar maşgalalardan başga-da, welaýatyň we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyndan pursatlar. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar