Iň gadymy çaý ösümligi

7 Mart 2021
2700

Şahyr Kerim Gurbannepesowyň çaý baradaky şygrynda «Hytaýlydyr aslyýeti...» diýen setir bar. Arheologlaryň ýakynda Hytaýda geçiren gazuw-agtaryş işleri çaý ösümliginiň watanynyň Hytaýdygyny ýene bir gezek tassyklady.

Gadymy hytaý imperatory Szin-diniň taryhy ybadathanasynyň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde mundan 2 müň ýyl ozal ösüp ýetişen çaý ösümliginiň galyndylaryna gabat gelindi. Häzir bu tapyndylar çaýyň taryhy bilen bagly iň gadymy döwre degişli gymmatlyk bolup durýar.

Şemsi BAPBYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar