Arzuwlaryň gujagynda

28 Fewral 2021
2386

Adamzat ýaşaýşynda maşgala gurmak, öý-ojak bolmak, öz yzyňda galdyran nesliň salamatlygyny görmek uly bagt hasaplanýar. Maşgala agzalarynyň agzybir, öý-ojagyň abadan bolmagy üçin, ilkinji nobatda, ene söýgüsiniň, yhlasynyň hem-de göreldesiniň orny örän uludyr. Türkmençilikde enä maşgala abatlygynyň binýady hökmünde garalýar. Her bir maşgala ojagynda mähriban enelerimiziň Watana, il-güne wepaly nesli kemala getirmekdäki edep-terbiýe mekdebi tapylgysyz mirasdyr.

Enäniň ýyly mähri gözel duýgulary oýarsa, mylaýym hüwdüsi adamzat neslini gözel ýaşaýşa höweslendirýän jadyly mukamdyr. Dünýäde meşhurlyk gazanan aýdymdyr saz kän. Ýöne, ene kalbynyň arzuwly owazy bolup ýaňlanýan hüwdiler adamzat ähliniň iň söýgüli aýdymydyr. Mährem ene hüwdüsini pessaý sesi bilen şirin mukama besleýär-de, asuda ýatan perzendine älem gowulyklaryny arzuwlaýar. Şol arzuwlar biz — perzentlere şu durmuşda öz bagtymyzy tapmaga ak ýoly salgy berip, şamçyrag deýin nuruny eçilýär.

Gülşat TAGANOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar