Bahardan bir gün öň...

26 Fewral 2021
2018

Ir säher bilen senenama nazar aýlaýaryn. 27-nji fewral. «Ýene bir günden gözel Diýarymyza bahar pasly gelýär» diýip, içimden begenýärin. Emma penjireden daşaryny synlanyňda, göwnüňe bolmasa, aýazly gyş bahara bu ýakynda ornuny bermejek ýaly.

Bu ýyl gyşyň ahyrky günleri has aýazly geldi. Çopanlaryň göhüni getiren güýçli ýagşyň yzy gara ýazdy. Ir säher bilen burjy baglan baglary synlanyňda, ýene bir günden baharyň geljegine ynanasyň gelmeýär. Ikirjiňlenip, diwarda asylgy senenama ýene bir gezek nazar aýlanyňy duýman galýarsyň. Emma burjulan şahalarda ak gyrawyň astyndan çalaja jyklaşyp, börtüp oturan pyntyjaklary göreniňde, kalbyňa ýylylyk aralaşýar. Ýere ýyly girip, baharyň mylaýym ýeli daragtlaryň şahalaryny yralap oýaranda, ýaşyl ýapraklar pyntyklaryny ýaryp çykarlar. Emma häzir olar gyşyň ahyrky aýazyndan üýşenýän ýalydylar. Olar ikigöwünlilik bilen, bir görseň-ä, üstlerini duýdansyz basan gar-gyrawa, bir görseňem, gökde ýaldyrap duran Güne seredýän ýaly.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar