Jadyly mukam (Hekaýa)

21 Fewral 2021
2026

Nabat ejeleriň öýleri hem edil beýleki oba jaýlary ýaly giň otaglydy. Ýöne Maksadyň göwnüne bolmasa şu öýde üýtgeşik bir mähir, iliňkä meňzemeýän nur bar ýalydy. Her gezek dosty Merdan ony çaýa çagyranda, ol ikirjiňlenmän razy bolýardy. Bu gezek hem şeýle boldy. Maksat nädip gapynyň öňünde säginenini duýman galdy. Içerden eşidilen zenan maşgalanyň mylaýym owazy onuň kalbyny heýjana saldy:

Allan, allan ak guşlar,
Guşlar gaýada gyşlar.
Ak guşlar öz mukamyn,
Meň balama bagyşlar.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar