Durmuş sapaklary

19 Fewral 2021
3281

Durmuş bize köp zatlary öwredýär. Esasan-da, çaga terbiýesinde ene-mamalarymyzdan, gaýynenemizden öwrenenlerimiz bize durmuş sapagy, ýol-ýörelge bolup galýar. Bir gezek ýaňy dil bitenje oglumy gujagyma alyp: «Meniň saýrak bilbilim, dilleriňden aýlanaýyn!» diýip, söýgüläp oturanymy gaýynenem eşitdi. Şonda ol: «Gelin, çagaňy gowy görmelidir, olar seniň janyň-jigeriňdir. Ýöne ulular öýde wagty türkmeniň öňden gelýän edebi saklanmalydyr. Gaýynatanyň, gaýynenäniň ýanynda çagaňy ezizlemek gelşiksiz görülýändir. Özümiz-ä, elli ýaşdan geçýänçäk çagalarymyzyň adyny tutup, ýüzlendik. «Balam, oglum, gyzym» diýsek, daş-töweregimizdäkiler bir zat diýäýjek ýaly, öz-özümizden utanardyk. Öýüň ýaşululary bar wagty olaryň öňüne düşmezlik üçinmi ýa-da olara bolan sylagyň, hormatyň nyşany hökmündemi, şeýleräk hereket edilerdi» diýip, maşgalanyň inçelik bilen seljerilýän sapaklaryny sypaýylyk bilen düşündirdi. Şoldur-da-şoldur, ýaşulularyň ýok ýerinde-de çagalarymy söýgülemäge çekinerdim. Görlüp oturylsa, ol çekinjeňligem däl ýaly, her bir ýaş maşgalanyň biläýmeli zady—türkmen maşgalasyna mahsus edim-gylymlar, girim-çykymy. Indi özümiziň şol hereketlerimizi ýaş gelinlerde görenimizde-de, utanyp ýere bakanymyzy duýman galýarys. Dogry, her ýaşa görä hereket etmegiň hem öz gelşigi bar. Ýaşuly enelerimiziň agtykdyr çowluklaryny söýgüleýişleri, olary apalap, hüwdüleriň, goşgudyr gazallaryň üsti bilen taryp edişleri her birimize nusgadyr. Bu hereketler nurana enelerimiziň ýaşynam, özünem bezeýär.

* * *

Maýsa TAÝJYKOWA.
Beýleki habarlar