Ösüşleriň täze sepgitlerine

17 Fewral 2021
1010

Şöhratly taryha eýe bolan, adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-Asmanda parlaýan Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki halkara abraýy has-da artýar. Şeýle abadan, bolelin, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini Arşa göterýär. Gysga döwrüň içinde halkara gatnaşyklarynyň we dostlukly hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär.

Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz alyp barýan daşary syýasatynda dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berýär. Eziz Watanymyzda geçen 2020-nji–— «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda beýik işler amala aşyryldy, rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetildi. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyp, asuda we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin amatly jemgyýetçilik we hukuk gurşawy berkidildi. Gazanylan üstünlikler, ýetilen taryhy sepgitler halkymyzy hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, mukaddes Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar, döredijilik ruhuny belent derejelere göterýär.

Maksat HERRÄÝEW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.
Beýleki habarlar