Täzelikler

17 Fewral 2021
902

Türkmenabat şäherinde ilaty et we et önümleri, şöhlat bilen üpjün edýän dükanlaryň ýene birisi işe girizildi. Ol «Wilant, S» hususy kärhanasyna degişli dükandyr.

Dükanyň çäginde önümçilik sehiniň hem ýerleşmegi ter önümleri dessine alyjylara hödürlemäge mümkinçilik berýär. Welaýat merkeziniň ilaty suw-sport toplumynyň golaýyndan geçýän köçäniň ugrunda ýerleşen onlarça hususy söwda kärhanalarynyň arasynda işläp başlanyna ýaňy bir aý bolup barýan, ýöne eýýäm ýokary hilli önümleri bilen adygan işewürlere öz hoşallyklaryny aýdýarlar. Daşary ýurtlaryň önümçilik tehnologiýalaryndan peýdalanylýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň netijesinde her günde kakadylan, gaýnadylan şöhlatlaryň hem-de et we et önümleriniň onlarça görnüşleriniň 0,5 tonna golaýy ilata hödürlenilýär. Hususy kärhana mallary idetmek üçin Farap etrabynda ýörite öz hojalygyny hem döretdi.
* * *
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenabat pagta egriji fabriginde «Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Beýleki habarlar