Okuwçylara milli mirasymyzy öwretmek

16 Fewral 2021
1928

Başlangyç synplarda okuwçylara milli mirasymyzy öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak oňyn netijeleri berýär. Sapakda elektron okuw-usuly serişdelerden peýdalanmak, öwretmek pursadynda ýeňillik döredýär. Elektron serişdeleri ulanmak mugallymyň sapaga taýýarlygyny ýeňilleşdirýär, onuň wagtyny tygşytlaýar. Ondan başga-da, sapagy adaty däl usullarda guramaga mümkinçilik berýär.

Sapakda öwredilen maglumatlary berkitmek mugallymdan köp zähmeti talap edýär, sebäbi, birinjiden: başlangyç synp okuwçylarynyň okuw maglumaty kabul edişleri birmeňzeş däl. Ikinjiden, bilimleri we endikleri berkitmek sapaklary köp mukdarda mysal-meseleleri çözdürmegi talap edýär. Üçünjiden, okuwçylaryň özbaşdak işlemekleri üçin mysal-meseleleriň jogaplary we çözülişleriniň nusgalary gerek bolýar. Bu ýagdaýdan netijeli baş alyp çykmak üçin mugallym sapakda öňünden taýýarlanan elektron serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Mugallym tarapyndan taýýarlanan elektron serişdeler okuw kitabyndaky mysal ýa-da meseleler bolmaly däldir, olar okuw kitabynyň üstüni dolmalydyr.

Merjen ESENOWA,
Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar