Watanyň geljegi hem daýanjy

15 Fewral 2021
1389

Ata Watanymyzda ýaşlar, olaryň bilimi, terbiýesi, durmuşy bilen baglanyşykly her bir meselä döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri aýdyň şaýatlyk edýär.  

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenmegi başarýan, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýip belläp geçmegi döwletimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigini görkezýär. 

Pyhamberguly JUMAGULYÝEW,
talyp.
Beýleki habarlar