Ylym we bilim — ýaşlar syýasatynyň möhüm ugry

15 Fewral 2021
1336

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň her bir ýaş raýatynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy üçin aladalar edilýär. Bu ugurda ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine hem ýokary baha berilýär. Şonuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» zehinli we ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak we höweslendirmek, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlar ylmy gurnaklarynyň we geňeşleriniň, döwlet derejesinde milli ýaşlar ylmy-döredijilik merkezleriniň işiniň gerimini giňeltmek, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar.

Ýaşlaryň bilim başarnyklaryny, sagdyn durmuş endiklerini ösdürmek we degişli medeni-guramaçylyk işleri arkaly olaryň zehinlerini açyp görkezmek, saýlap alan hünärine ugrukdyrmak we höweslendirmek bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem, milli bilim ulgamynyň şu günki güne çenli gazananlary we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünär hem usulyýet babatda toplan tejribeleri ýaşlaryň hakyky şahsyýetler hökmünde kemala getirilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, bilim babatdaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini we ýaşlar babatdaky meseleleriň netijeli çözgüt tapmagyny üpjün edýär.

Muhammetnazar MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar