Sanly ulgamyň buýsandyryjy netijeleri

15 Fewral 2021
1443

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň orta, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Munuň netijesinde bilim-ylym dünýäsine çuňňur aralaşmak isleýän ýaşlara diýseň uly mümkinçilikler açylýar. Olar sanly ulgamdan peýdalanmak arkaly, islendik ugra degişli maglumatlary çalt gözläp tapyp, ondan peýdalanyp bilýärler. Bu wagty tygşytlamaga, dürli ýurtlarda şol ugra degişli bar bolan täze maglumatlary, açyşlary aňsatlyk bilen tapmaga, öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Sanly ulgamyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaş nesliň diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän internet bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin hem peýdalydyr. Bu ugurda giň gerimli işler amala aşyrylyp başlany bäri, şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňiş gazanýan mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň sany barha artýar. Bu ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň oňyn täsir edýändiginiň alamatydyr.

Dürli SEÝITMÄMMEDOWA,
Serdar etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar