Elektron kitaplaryň ähmiýeti

15 Fewral 2021
2234

Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi gündelik durmuşymyza gönüden-göni täsir edýär. Ösen tehnologiýa adamyň zähmetini ýeňilleşdirýär, wagtyny tygşytlaýar. Bu ýagdaý fiziki işlerde bolşy ýaly, haýsydyr bir zady öwrenmekde hem şeýle. Häzirki wagtda haýsydyr bir zady öwrenmek, maglumat almak üçin uzak aralyga gitmäge zerurlyk ýok. Sebäbi internet hyzmaty bize bu babatda giň mümkinçilikleri hödürleýär. Köp zadyň elektron nusgasynyň bolşy ýaly, kitaphanalaryň hem elektron nusgalary peýda bolup başlady. Ösen aragatnaşyk tehnologiýasy kitaphanalaryň hem öz okyjylaryna elektron kitaplara elýeterliligini üpjün edýär. Şeýle kitaphanalar öz abonentlerine elektron kitaplaryny tölegsiz ýa-da elýeterli bahadan hödürleýär. Öýüňde ýa-da iş ýeriňde, tapawudy ýok, oturan ýeriňde özüňe gerekli kitabyň elektron nusgasyny alyp bolýar. Elektron kitaphanalarda hem adaty kitaplaryň deregine elektron kitaplaryň haýsydyr bir elektron görnüşinde saklanýan gory bolýar. Häzirki wagtda kitaphanalar özleriniň elektron nusgalaryny taýýarlaýarlar. Kitaphananyň bu görnüşi gerekli çeşmäni almak üçin wagt we ýer çäklendirmesiniň bolmadyk nusgasydyr. Bu ýagdaý kitaphanadan islendik wagtda, islendik ýerde peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Elektron kitaplardan peýdalanmak belli bir derejede tehnologiýadan habarly bolmagy talap edýär. Häzirki wagtda muňa dolulygyna mümkinçiligiň bardygyny bellemek gerek. Elektron kitaplaryň amatly taraplarynyň biri hem müňlerçe kitabyň elimizdäki kiçijek ekrana sygýandygydyr. Adaty kitapdan tapawutlylykda elektron kitaby şol bir wagtda birden köp adam okap bilýär. Şeýle hem elektron kitaplary gözläp tapmak hem örän aňsat.

Taýýarlan Gülälek DURDYÝEWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar