Paýtagta görk berýän ajap binalar

11 Fewral 2021
2475

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şäheriň gözel künjekleriniň birinde türkmen işewürleri tarapyndan gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynda milli Liderimiz bu döwrebap binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigi mynasybetli, täze, döwrebap toplumy «Aşgabat» diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen telekeçileri paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyryna gatnaşyp, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň öňküden-de gözelleşmegine mynasyp goşant goşdular. Geçen ýylyň aýagynda açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap binalar toplumy baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna ajaýyp sowgat boldy. Binalar toplumy 12 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň 16-syny, söwda we dynç alyş merkezini özünde jemleýär. Şaýoluň iki tarapyny bezän ýaşaýyş jaýlarynyň 14-siniň, Söwda we dynç alyş merkeziniň hem-de jemi uzynlygy 5564 metr bolan ýollaryň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Weli gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk», «Nusaý ýollary», «Aktab», «Bereketli jaý», «Çakmak daşy», «Rysgally zähmet», «Röwşen», «Ojar Aziýa» hususy kärhanalary, «Altyn nesil», «Ajaýyp bina», «Altyn» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amal edildi. Türkmen işewürleriniň bu üstünligi, olaryň şäherleri gurmaga ukyplydyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Öz wagtynda we ýokary hilli amal edilen binalar toplumy ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligini has-da artdyrdy.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar