Ösüşlere şamçyrag

10 Fewral 2021
1348

Ata Watanymyzyň berkararlygyny, agzy-bir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmakda milli bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynda milli bilim ulgamynyň işini hil taýdan halkara derejesine çykarmaga hemişe uly üns berýär. Şeýle giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli berkidilýär. Yzygiderli amala aşyrylýan işler Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge, saýlap alan hünärleri babatda bilimlerini artdyrmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleriň täze neslini taýýarlamagy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bilim ulgamynda öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şunda sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmek örän wajypdyr. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilim berlişiniň hil derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly okuw serişdeleriniň we enjamlarynyň mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterliligini gazanmak döwrümiziň bilim özgertmeleriniň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.

Bahargül TÄÇMYRADOWA,
Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar